«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda häzirki günlerde iri halkara forumyň geçirilýändigini her ädimde duýmak bolýar. Bu ýere gelen myhmanlara «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty» diýen ýazgylar, şeýle-de şanly ýylyň we forumyň nyşanlary bilen bezelen döwrebap awtobuslar hyzmat edýär.
Wekilçilikli forumyň myhmanlaryny kabul edýän myhmanhanalarda we beýleki ýerlerde ýörite ornaşdyrylan monitorlarda daşary ýurt pullaryny milli manada çalyşmak, gerekli maglumatlary edinmek üçin ýörite kartalar ýerleşdirilendir. Bu bolsa forumyň myhmanlary üçin ähli amatlyklary döretmäge uly ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.
Iri halkara çäräniň geçirilýän ýerlerinde we myhmanhanalarda dürli ugurlara bagyşlanan sergiler hem guralýar. Olar halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary, ýurdumyzyň gözellikleri we tebigy baýlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle sergilerde dünýä meşhur halylarymyzyň we haly önümlerimiziň görkezilmegi ajaýyp milli gymmatlyklarymyzyň meşhurlygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.