22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazdan ozal, wekiliýetleriň Baştutanlarynyň üç ýurduň Döwlet baýdaklarynyň hem-de duşuşygyň banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra üçtaraplaýyn görnüşde gepleşikler geçirildi.
Halklaryň baý medeni mirasyny, dilini, edebiýatyny, milli däp-dessurlaryny, halyşynaslyk, amaly-haşam we aýdym-saz sungatyny gorap saklamak, ony dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça tagallalary goldamak häzirki döwrüň wajyp wezipesidir. Hormatly Arkadagymyz ýokary derejeli duşuşygyň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirip, onuň netijeleriniň üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge, bilelikdäki möhüm taslamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen zerur ädim boljakdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Hazar deňziniň ajaýyp kenaryndaky gepleşikleriň we duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Belent mertebeli myhman Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22-nji awgustynyň taryhy güne öwrülendigini aýratyn nygtady. Munuň özi Hazaryň ajaýyp kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şöhratynyň dünýä dolmagyna goşant goşýar. Prezident Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew çykyş edip, bu duşuşygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran we hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açan saparyny ýatlady.
Gahryman Arkadagymyz çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň syýasy-diplomatik ulgamda özara gatnaşyklaryň ýokary nusgasyny görkezip, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşýandyklaryny belledi.
«Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň täze ugurlaryndan peýdalanmakda goşandy örän uludyr. Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgelerini pugtalandyrmakda hem-de işjeňleşdirmekde, biziň çäklerimizde netijeli logistika düzümini döretmekde sebitiň ýurtlary möhüm orny eýeleýär. Şunda söwda, senagat, ekologiýa, daşky gurşaw, oba hojalygy we beýleki ugurlar bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegi bilelikdäki tagallalara baglydyr.
Häzirki wagtda dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegleri doly üpjün etmekde milli energetika ulgamlarynyň ygtybarly goruny döretmek zerur bolup durýar. Türkmenistan her ýyl Özbegistana elektrik energiýasynyň köp möçberini iberýär.
Milli Liderimiz geljekde türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermek mümkinçiliginiň bardygyny belläp, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we onuň çägi arkaly Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.
«Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamy aýratyn ähmiýetli orny eýeleýär. Ykdysadyýetiň bu ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ösmegi üçin strategik ähmiýete eýedir» diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Uzak möhletleýin dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz söwdany giňeltmek maksady bilen, hojalygy ýöredýän düzümleriň arasynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini döretmegiň we ony işjeň ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunda «Daşoguz — Şabat» serhetýaka söwda zolagynyň şu ýylyň ahyryna çenli işe giriziljekdigine ynam bildirildi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Biziň halklarymyzy umumy medeni we ruhy gymmatlyklar, däp-dessurlar birleşdirýär.
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň çäklerinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda gämi gurluşygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda raýat awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen «Özbek respublikan haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy geçirilen gepleşikleriň jemlerini teswirläp, üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu günki duşuşyk, hakykatdan-da möhüm waka bolup durýar. Çünki gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň derwaýys meselelerine seredildi. Ylaýta-da, has wajyp syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlara degişli soraglara üns çekildi.
Soňra bu ýerde Özbegistan hem-de Azerbaýjan Respublikalarynyň Prezidentleri çykyş etdiler.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň geçirilýän ýerine ugradylar.
Türkmen halkynyň Milli Liderini, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerini medeni çäräniň geçirilýän ýerine ýygnananlar, şol sanda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary mähirli garşyladylar.
Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi. Şu günki şanly wakanyň hormatyna geçirilen dabara gatnaşyjylar hem ahalteke bedewleriniň gözelligini, çeýeligini, çapyksuwarlar bilen bedewleriň sazlaşykly hereketlerini uly buýsanç duýgulary bilen synladylar. Soňra belent mertebeli myhmanlara sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşandyklary, geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilendigi we ylalaşyklaryň gazanylmagyna goldaw berendikleri üçin, türkmen tarapynyň çuňňur hoşallygynyň nyşany hökmünde dostlukly ýurtlaryň Baştutanlaryna hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. 2022-nji ýylda doglan, Gündogar hem-de Gaýma atly bedewleriň nesli bolan akýal mele reňkli bu bedew ady rowaýata öwrülen Fakirpälwan atly bedewiň nesil ugruna degişlidir.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we türkmen halkynyň adyndan köşekli arwana düýäniň sowgat berilýändigi yglan edildi. Milli Liderimiz doganlyk döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi hem-de olary sowgatlary bilen gutlady. Soňra Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Tawus atly ajaýyp bedewiň güwänamasyny uly hormat bilen gowşurdy. Şeýle hem Milli Liderimiz «Ula hormat, kiçä sylag» diýen paýhasly jümlä eýerip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine arwana düýäniň resminamasyny gowşurdy. Doganlyk döwletleriň Liderleri gowşurylan bu sowgatlary öz ýurtlaryna we halklaryna bildirilen çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändiklerini nygtap, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize, tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.
Şeýle hem bu ýerde türkmen toý-baýramlaryna mahsus dabaralar guraldy. Ak öýleriň öňünde milli tagamlar taýýarlanyldy. Amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Şol gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden öz ýurtlaryna ugradylar.








