Şu gün — 18-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň «Turkmen Congress» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda geçirýän ähmiýetli forumy iki günläp dowam eder.
Foruma gatnaşmak üçin 45 ýurtdan 500-den gowrak wekil hasaba alyndy. Çäräniň barşynda halkara bilermenleriniň 100-den gowragynyň çykyşlarynyň diňlenilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazetiniň elektron habarlarynda beýan edilýär.
Dünýäniň dürli döwletlerinden bolan maýa goýujylaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, telekeçileriň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmekde möhüm netijelere beslenjek çäre ähli ulgamlarda durnukly ösüşiň gazanylmagy hem-de täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, ýurdumyzyň maýa goýum kuwwaty, sanly üpjünçilik ulgamy, sanly innowasion tehnologiýalar bilen bagly meselelerde täze mümkinçilikleri açar.

