7-nji iýunda — ýekşenbe güni Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýoga boýunça ussatlyk sapagyny (master-klass) geçirýär. Balkan welaýatynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Tolkun» kottejler toplumynyň plýažynda geçirilýän ussatlyk sapagy ir bilen 08:00-dan 09:00-a çenli dowam eder.
Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial sahypalarynda (Facebook we Instagram) habar berildi.
Ajaýyp çäre ýoga muşdaklary üçin täsirli sowgat bolar.