Awazada ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum dowam edýär

MilliInfo

Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat milli ykdysadyýetimiziň şu ugurlarynyň ösüşiniň görkezijisine öwrüldi.

...Sergi meýdançasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, döwlet konsernleriniň, şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň özboluşly dizaýnly diwarlyklary ýerleşdirilipdir. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň sergi bölümi bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär. Sergi diwarlygynda ýurdumyzyň «ýaşyl» gurluşyk ulgamynda ýeten belent sepgitleri beýan edilýär. Arkadag şäherinde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

 «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň diwarlygynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly harytlar tanyşdyrylýar. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň pawilýonynda döwrebap, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, milli we sebit ähmiýetli ulag-ýol infrastrukturasyny gurmak boýunça taslamalar ýerleşdirilipdir. Energetika ministrliginiň sergi bölüminde innowasiýalar we tehnologiýalar, hususan-da, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, şol sanda Gün, ýel energiýasyny milli energetika ulgamyna ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän anyk işleri beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalary döretmäge, senagat, durmuş-medeni maksatly dürli desgalaryň gurluşyklaryna işjeň gatnaşýarlar.

Soňra forum «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynda durnukly ösüşe ugrukdyrylýan maýa goýumlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi» atly plenar mejlis bilen öz işini dowam etdi. Mejlise ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň wekilleri çykyşlarynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada durup geçdiler.

Plenar mejlis halkara işewürlik jemgyýetçiliginiň türkmen bazaryna barha artýan gyzyklanmasyny görkezdi. «Çalyk Holding», «Rönesans Holding» ýaly iri gurluşyk kompaniýalary ýurdumyzda iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan köpýyllyk tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.

«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «China Energy International Group Co., Ltd.» ýaly iri senagat we tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary türkmen ykdysadyýetiniň, hususan-da, onuň energetika, senagat ulgamlaryndaky ägirt uly mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler hem-de milli maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda maslahat «Ýaşyl» energetika geçmegiň ähmiýeti we himiýa senagatynyň ösüşiniň täze ugurlary» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Bu ugur Durnukly ösüş maksatlary bilen baglanyşykly ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda «ýaşyl» ykdysadyýete we pes uglerodly ösüşe geçmegiň Türkmenistanyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Mejlis halkara bilermenler, öňdebaryjy korporasiýalaryň wekilleri bilen pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boldy.

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň ilkinji güni B2G formatyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar bilen tamamlandy. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bu gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk şertlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu gün — 4-nji noýabrda maslahat öz işini gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklaryny ösdürmegiň ugurlaryna we bu babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan mowzuklaýyn mejlisler bilen dowam eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo