1—20-nji awgust aralygynda gözelligi bilen göreni haýrana goýýan Awazanyň «Älemgoşar» seýilgähinde geçirilýän konsertler siziň dynç alşyňyzy has-da ýakymly täsirlere beslär.
Şu gün — 2-nji awgustda bu ýerde tanymal aýdymçylar Parahat Çyryşlyýewiň hem-de Selbi Kakanowanyň konserti geçiriler.
Konsert sagat 19:30-da başlanýar. Guramaçylar ildeşlerimizi açyk asmanyň astynda ýaňlanjak ajaýyp owazlardan lezzet almaga çagyrýarlar.
Ajaýyp konserte giriş tölegsizdir.
