Mugt konsert: Awazadaky medeni maksatnama dowam edýär

MilliInfo

15 Awgust, 2026

Mugt konsert: Awazadaky medeni maksatnama dowam edýär

Şu gün — 15-nji awgustda Awazanyň «Älemgoşar» seýilgähinde Şazada Annagulyýewiň hem-de Seýitguly Tülegenowyň konserti guralýar. Guramaçylar ildeşlerimizi ýurdumyzyň gözel künjeginde geçiriljek konsertiň myhmany bolup, bu ýerde medeniýetli dynç almaga çagyrýarlar.

Awazanyň jana şypaly howasy, joşgunly owazlar hem-de şadyýan gurşaw kalbyňyzy ýakymly duýgularyň gurşap almagyna täsirini ýetirer. Şonuň üçin hem, ajaýyp agşama gatnaşyň we ýatdan çykmajak pursatlary özüňize sowgat ediň!

Konsert sagat 19:30-da başlanýar.

Giriş tölegsizdir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info