Awazadaky mugt konsert: sahnada — Begmyrat Annamyradow hem-de Gülälek Şirowa

MilliInfo

19 Awgust, 2026

Awazadaky mugt konsert: sahnada — Begmyrat Annamyradow hem-de Gülälek Şirowa

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky konsertler dowam edýär. Şu gün — 19-njy awgustda bu konsertleriň iň gyzyklysy bolup geçer. Açyk asmanyň astyndaky ajaýyp sahnada ýaşlaryň söýgüli aýdymçysy Begmyrat Annamyradow hem-de Gülälek Şirowa peýda bolar.

Ajaýyp owazy bilen halkymyzyň kalbynda ornuny tapan aýdymçylaryň konserti siziň deňiz kenaryndaky dynç günleriňize özboluşly öwüşgin çaýar. Şonuň üçin bu günki dynç alyş maksatnamaňyzy ajaýyp konsert bilen utgaşdyrmagyňyzy maslahat berýäris.

Konsert sagat 19:30-da başlanýar.

Giriş — mugt.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info