«Awtokombinat — Gökdepe» ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary ýola goýuldy

MilliInfo

Şu günden — 1-nji oktýabrdan «Awtokombinat — Gökdepe» ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary amala aşyrylyp başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Gatnawlar «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tarapyndan ýola goýuldy.

Görkezilen ugur boýunça awtobus gatnawy her gün guralar. Aşgabat şäherinden ugraýan awtobus ir sagat 06:00-da A. Nyýazow şaýolundaky Awtokombinat duralgasyndan ýola düşýär. Awtobuslaryň ýene biri bolsa şonuň bilen bir wagtda — 06:00-da Gökdepeden Aşgabat şäherine tarap ugur alýar.

Goşmaça maglumatlary almak üçin ýolagçylar aşakda görkezilen telefon belgileri ýüz tutup bilerler: +993 61 49 34 95, 44 35 20.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo