Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşa gatnaşyjylar Garagum sährasynyň gözel künjegi — Gökdepe hem Bäherden etraplarynyň çägi boýunça 206 kilometrlik menzili külterlediler. Ýaryşa 12 ekipaž gatnaşdy.

Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasynda T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowyň ekipažy pellehanadan birinji bolup geçdi. Ekipaž 2 sagat 21 minut 36 sekunt netije görkezdi.

Ikinji orny Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekili Merdan Toýlyýewiň, üçünji ýeri bolsa Içeri işler ministrliginiň türgeni Süleýman Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ekipažlar eýelediler.
