Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti «Awtomobil ulagynda daşamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Düzgünnamany tassyklamak barada Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Resminama laýyklykda, awtomobil ulagynda ýük daşamak işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany ýeňillikli resmileşdirmegiň talaplary we şertleri girizildi hem-de resminamalaryň toplumy kämilleşdirildi.
Şunlukda, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndan fiziki we ýuridik şahslaryň resminamalary kabul edilip başlanýar. Galyberse-de, ýurdumyzyň welaýatlarynda aragatnaşyk ulgamy arkaly resminamalary kabul etmek mümkinçiligi döredildi.
