Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň Awtomobil ýollaryny gurmak we ulanmak boýunça baş gözegçilik müdirliginiň mundan beýläk Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň Awtomobil ýollaryny gurmak we ulanmak boýunça baş gözegçilik müdirligi diýlip atlandyrylýandygyny habar berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde beýan edilýär.
Has takygy, indi Awtomobil ýollaryny gurmak we ulanmak boýunça baş gözegçilik müdirligi Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň garamagyndaky edara hökmünde hereket eder.