26-njy noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde giň gerimli halkara sergi — «Halal Expo 2025» başlandy. Halal önümçilige ýöriteleşen öndürijileri, maýa goýujylary hem-de telekeçileri bir ýere jemlän abraýly işewürlik meýdançasynyň işi, şonuň bilen bir wagtda ýaýbaňlandyrylan 11-nji Bütindünýä Halal sammiti (World Halal Summit 2025) bilen utgaşdy.
Ähmiýetli sergä beýleki türkmen kompaniýalary bilen birlikde «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hem gatnaşýandygyny bellemek gerek. Esaslandyrylan wagtyndan bäri geçen döwrüň içinde alyp baran netijeli işleri bu hojalyk jemgyýetini ýurdumyzda elektron senagatyň iri önüm öndürijileriniň birine öwürdi. Kärhana önümçiligiň gerimini yzygiderli artdyryp, dünýä derejesindäki sergilere iň ýokary hilli täze önümleri bilen işjeň gatnaşýar. Şu gezekki sergide hem «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ajaýyp tehnologiýalarynyň birnäçesini hödürledi.
Forumyň myhmanlary «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň importyň ornuny tutmak maksatnamasyny durmuşa geçirmekde eýeleýän möhüm wezipesi, onuň zawodlarynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary, şeýle hem geljekde önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek baradaky meýilnamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Ýeri gelende bellesek, kärhananyň şäher infrastrukturasyny, tehnologiki çözgütleri we elektronikany ösdürmäge gönükdirilen innowasion taslamalary hemmelerde uly gyzyklanma döredýär.
«Halal Expo 2025» halkara sergisi 29-njy noýabrda tamamlanar.
