Az wagtdan möhüm duşuşyk başlanýar: «Arkadag» futbol topary Kataryň «Al-Ahli» klubuny kabul edýär

MilliInfo

6 sagat öň

Şu gün — 5-nji noýabrda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol topary AFK Çempionlar ligasy – 2 ýaryşynyň «B» toparçasyndaky dördünji duşuşygyny geçirýär.

Arkadag şäheriniň «Arkadag» stadionynda geçiriljek duşuşykda türkmen topary Kataryň «Al-Ahli» klubuny kabul edýär. Bu oýun 18:45-de başlanýar.  

Munuň şu toparlaryň arasyndaky ikinji, ýagny jogap duşuşygydygyny bellemek gerek. Klublaryň 22-nji oktýabrda geçen birinji oýny deňlikde tamamlanypdy — 2:2. Şunlukda, bu oýun türkmen toparyna nobatdaky üç utugy gazanmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

Ildeşlerimize bilelikde janköýerlik edeliň!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo