Azerbaýjan Respublikasynyň «Turan Towuz» futbol topary türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew bilen şertnamasyny ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçilikligi işjeňleşdirdi. Bu barada «Sport24» habar berdi.
Ýeri gelende bellesek, taraplaryň häzirki şertnamasy 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Ylalaşygy uzaltmak hakyndaky çözgüt bolsa toparyň üstünlikli netijeleri we Azerbaýjan çempionatynda öňdeligi eýeläp gelýändigi bilen delillendirilýär.
Klubuň ýolbaşçylary Berdiýewiň şertnamasyny azyndan üç ýyl möhlet bilen we has ýokary şertlerde täzeden teklip etmegi meýilleşdirýärler.
Azerbaýjanyň kluby Gurban Berdiýewiň toparyň ösüşine goşan goşandyny ýokary bahalandyrmak bilen, ony klubuň uzak möhletleýin ösüş strategiýasynda möhüm şahsyýet hasaplaýar.

