Azerbaýjan Respublikasynyň Turkmenistandaky ilçihanasynda Respublikanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli kabul edişlik geçirildi.
Çärede çykyş eden ilçi Gismat Gozalow şanly senäniň azerbaýjan halkynyň erk-isleginiň, agzybirliginiň we adalatyň ýeňişidigini tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy bilen Fizuli şäherinde metjidiň gurulmagy taryhy ähmiýete eýedir.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada söz açan ilçi iki ýurduň arasyndaky taryhy, medeni we dini ugurlardan umumy gymmatlyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň esasyny düzýändigini tassyklady. Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary soňky döwürde ösüş ýoluny geçip has hem pugtalandy. 2025-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli özara saparlar we duşuşyklar bilen täze tapgyra gadam basyldy.
Şu ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana resmi sapary iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak babatda möhüm waka boldy. Saparyň çäginde geçirilen duşuşyklarda ykdysady, energetika, medeni- ynsanperwer ugurlarda özara başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler kesgitlenildi.
Şeýle hem 4-5-nji awgustda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri we Milli Mejlisiň başlygy gatnaşdy.
Mundan başga-da, 22-nji awgustda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana sapar bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşdy. Bu duşuşyk sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm platforma boldy we birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.
Oktýabrda Türki Döwletleri Guramasynyň 12-nji sammitiniň çäginde Gabala şäherinde geçirilen çäreleriň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk Türki dünýäniň agzybirligi we jebisligi babatda hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde hem, TDG ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Arkadag şäheri bilen doganlaşan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasy hem geçirildi.
Halklaryň has-da ýakynlaşmagyna we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant hökmünde 2025-nji ýylyň 13--15-nji oktýabrynda Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri guraldy.
— Bu çäreler hem ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna uly goşantdyr. Şu ýyl ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlar we üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşyklar hyzmatdaşlygymyzyň ösüşine we halklarymyzyň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdy. Şeýle saparlar, duşuşyklar we çäreler Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, şeýle hem ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine hyzmat edýär. Iki ýurduň bilelikdäki tagallalary sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we üznüksiz ösüşi üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. 2025-nji ýylyň Azerbaýjanda «Konstitusiýa we Özygtyýarlyk ýyly», Türkmenistanda bolsa «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hökmünde bellenilmegi iki ýurduň özara ynama we sebitleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär — diýip, ilçi dabarada eden çykyşynda belledi.
Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Azerbaýjan halkyny şanly sene bilen gutlady hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky pikirlerini beýan etdi.
Kabul edişlik resmi nahar bilen dowam etdi. Bu ýerde Azerbaýjanyň we dünýäniň belli kompozitorlarynyň, esasan hem, beýik Üzeýir Hajybeýliniň sazlary ýerine ýetirildi. Myhmanlara Azerbaýjan tagamlarynyň, süýjülikleriň we milli içgileriň nusgalary hödürlendi.
Çärä Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdylar.

