Aziýa çempionatyndan 10 medal: türkmen agyr atletikaçylary Daşkentde uly üstünlige eýe boldular

MilliInfo

17 Awgust, 2026

Aziýa çempionatyndan 10 medal: türkmen agyr atletikaçylary Daşkentde uly üstünlige eýe boldular

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda örän şowly çykyş etdiler. Has anyk aýtsak, türkmen türgenleri ýetginjekleriň arasynda 1 altyn, 4 kümüş, jemi 5 medala, ýaşlaryň arasynda bolsa 2 kümüş we 3 bürünç, jemi 5 medala mynasyp boldular.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýygyndysy medallaryň umumy hasabynda ýetginjekleriň arasynda 9-njy, ýaşlaryň arasynda 10-njy ýeri eýeledi.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň hatarynda iň şowly çykyş eden türgen Şabnam Kerimbaýewa boldy. Ol ýetginjekleriň arasynda hem, ýaşlaryň arasynda hem 53 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ildeşimiz ýetginjekleriň arasynda silterläp götermekde (83 kg) kümüş medala, itekläp götermekde (103 kg) altyn medala, umumylykda (186 kg) kümüş medala eýe çykdy. Ol ýaşlaryň arasynda silterläp götermekde kümüş, itekläp götermekde kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medala mynasyp boldy.

60 kilogram agramda bäsleşen Atabek Azamatow ýetginjekleriň arasynda silterläp 113 kg agyrlygy boýun egdirip, kümüş medal gazansa, umumylykda 245 kg netije bilen hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Medine Amanowa 69 kilogram agramda güýjüni synady. Ol itekläp 121 kg agramy galdyrmagy başardy we bu görnüşden ýaşlaryň arasynda bürünç medalyň eýesi hökmünde bellige alyndy. 85 kg agram derejesinde bäsleşen Rahman Galkanow hem bürünç medal aldy. Zehinli agyr atletikaçy silterläp 155 kilogram agyrlygy göterdi we bu görnüşden şeýle netijäniň eýesi boldy.  

Yklymyň birinjiligi bilen bir wagtda ýaýbaňlandyrylan Merkezi Aziýanyň çempionatynda bolsa ildeşlerimiz 3 altyn we 3 kümüş, jemi 6 medala eýe çykmagyň hötdesinden geldiler.

Ýeri gelende bellesek, agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatyna 29 ýurtdan 300-den gowrak türgen gatnaşdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info