Türkmenistan bilen Tailandyň ýygyndylarynyň şu günki duşuşygy Aziýa Kubogy–2027-ä gatnaşjak topary kesgitlär

MilliInfo

3 sagat öň

Şu gün — 31-nji martda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy–2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Tailandyň ýygyndysy bilen myhmançylykda duşuşýar.

Saýlama tapgyryň «D» toprçasynyň çäginde Tailandyň «Rajamangala» stadionynda geçiriljek oýun Aşgabat wagty bilen 17:30-da başlanar. Janköýerleriň ýene bir bilmeli zady bu duşuşykda ilkinji gezek IFAB-yň täze düzgüni synag ediler. Bu düzgüne laýyklykda, derwezeçiniň topy 8 sekuntdan kän saklamagy dessine burçdan urgynyň bellenmegine sebäp bolup biler. Şeýle-de şu günki oýunda «VAR» ulanylmaz.

Türkmen ýygyndysy diňe ýeňiş üçin ýaşyl meýdana çykar. Çünki Aziýanyň Kubogy – 2027-niň final böleginde çykyş etmek hugugyna diňe toparçanyň iň öňdäki ýygyndysy eýe bolar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy häzirki wagtda 12 utuk bilen toparçanyň ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Tailandyň milli ýygyndysy hem 12 utuk toplady, emma goşmaça görkezijiler (geçirilen we goýberilen gollar boýunça aratapawut) türkmen ýygyndysynyň tarapynda. Şonuň üçin hem, ildeşlerimiziň toparçany birinji orunda jemlemegi üçin deňlik hem ýeterlik.

Duşuşyk «Thairath TV Channel 32» ýaýlymynda, «Thairath TV» we «Thairath Sport» Facebook kanallarynda, şeýle-de «Thairath Sport» YouTube kanalynda göni ýaýlymda görkeziler.

Türkmen futbolçylaryna bilelikde janköýerlik edeliň. Çünki ildeşlerimiziň toparçany birinji orunda jemläp, Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogy–2027-niň jemleýji tapgyryna çykmagy türkmen futbolynyň täze derejesini dünýä ýaýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info