Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy (U20) 2026-nji ýylyň 1—18-nji apreli aralygynda Tailandda geçiriljek AFK-nyň möhüm ýaryşynyň — zenanlaryň arasyndaky Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Mýanma bardy. Zenanlaryň arasyndaky Aziýanyň Kubogynyň nobatdaky saýlama böleginde «D» toparçada çykyş edýän zenan ýygyndymyz Mýanmanyň, Hindistanyň we Indoneziýanyň ýaşlar ýygyndylary bilen duşuşar.
Ýygyndy toparymyz 6-njy awgustda boljak ilkinji duşuşygyny ýer eýeleri Mýanmanyň ýygynsyna garşy geçirer. Ikinji duşuşyk 8-nji awgustda Hindistanyň ýygyndy toparyna garşy bolar. Türkmen ýygyndysy saýlama tapgyrdaky soňky duşuşygyny 10-njy awgustda geçirip, Indoneziýanyň zenanlar ýygyndysynyň garşysyna çykar.
Geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde toparçalarda birinji orunlary eýelän ýygyndylar bilen birlikde, ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň iň gowy netijeleri görkezen 3-si hem-de ýer eýesi bolan Tailandyň zenanlar ýygyndy topary yklym ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş ederler.
Ýaryşyň iň gowy dört topary 2026-njy ýylda FIFA tarapyndan geçiriljek zenanlaryň (U20) dünýä çempionatyna gatnaşar.
Saýlama tapgyrynda «D» toparçada milli ýygyndymyzyň geçirjek duşuşyklarynyň senenamasy:
- 1-nji tapgyr (06.08.2025 ý.): 
Mýanma – Türkmenistan
- 2-nji tapgyr (08.08.2025ý.): 
Türkmenistan – Hindistan
- 3-nji tapgyr (10.08.2025 ý.): 
Indoneziýa – Türkmenistan

