«Aziýa Merjeni» — ynam bilen gadam goýup biljek ygtybarly syýahatlaryňyz

MilliInfo

7 Oktýabr, 2026

«Aziýa Merjeni» — ynam bilen gadam goýup biljek ygtybarly syýahatlaryňyz

Bu günki gün dünýäniň islendik künjegine syýahat etmek has elýeterli we diýseň amatly. «Aziýa Merjeni» syýahatçylyk kompaniýasy syýahat ugurlarynyň giň toplumyny hem-de saparlary guramakda ýokary derejeli professional hyzmatlary hödürleýär.

Kompaniýa GDA ýurtlaryna: Russiýa, Belarusa, Özbegistana, Gyrgyzystana we Täjigistana, şeýle hem Aziýa döwletlerine: Hytaýa, Koreýa Respublikasyna, Ýaponiýa, Taýwana, Taýlanda we Gonkonga wiza resmileşdirmek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Işlerimiziň aýratyn bir ugry bolsa Ýewropa ýurtlaryna — Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Rumyniýa we Şengen zolagynyň beýleki döwletlerine syýahat etmek üçin Şengen wizalaryny resmileşdirmekdir.

Mundan başga-da, Beýik Britaniýa we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wiza resmileşdirmek aýratyn ugur bolup durýar. Hünärmenler müşderilere ähli tapgyrlarda: wiza anketalaryny dogry doldurmakdan we zerur resminamalary taýýarlamakdan başlap, arzalary tabşyrmak işini guramaga çenli ýakyndan ýardam berýärler.

Aziýa maşgala bolup syýahat etmek has-da uly islegden peýdalanýar. Malaýziýa, Wýetnam, Singapur we Indoneziýa — dynç alşy, oňaýlylygy, gyzykly güýmenjeleri we ýatdan çykmajak täsirleri birleşdirip boljak iň gözel ýurtlardyr.

Kompaniýanyň hünärmenleri her bir müşderiniň şahsy isleglerini hem-de arzuwlaryny nazara alyp, syýahaty iň ýokary derejede meýilleşdirmäge kömek ederler. Hyzmatlarymyzyň hataryna wizalary resmileşdirmek, syýahatlary guramak, myhmanhanalary bronlamak (öňünden sargyt etmek) hem-de lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy girýär.

Ygtybarlylyk, howpsuzlyk we ownuk zatlaryň her birine aýratyn ähmiýet bermek — kompaniýanyň işiniň esasy ýörelgeleridir. Eger syýahata taýýarlyk döwründe sowallar ýüze çyksa, «Aziýa Merjeni» kompaniýasynyň hünärmenleri hemişe, has takygy 24/7 tertibinde siziň hyzmatyňyzdadyr.

Siziň syýahat ugruňyz iň ownuk böleklere çenli oýlanyşykly bolanda, dünýä «has ýakynyňyza» gelýär!

Has giňişleýin maglumaty görkezilen telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz:

📞 +993 61 61 81 46

📞 +993 71 30 60 22

📞 +993 62 77 77 84

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info