Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda möhüm görkezijilere ýetilýär

MilliInfo

2025-nji ýylyň sekiz aýynyň görkezijileri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň milli ykdysadyýetiň ähmiýetli bölegini eýeleýändigini tassyklady. Bu netijeler 29-njy awgustda geçirilern Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Amanowyň ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri hakyndaky hasabatynda öz beýanyny tapdy.

Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmakda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmakda ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak babatda oňyn netijeler gazanylýar. Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo