Türkmenistanyň Badminton federasiýasy 2016 — 2020-nji ýyllarda doglan çagalary (oglan-gyzlary) türgenleşiklere çagyrýar. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda geçiriljek türgenleşikler hepdäniň alty gününde ýaýbaňlandyrylar. Olar çagalaryň okuwlaryna päsgel bermez. Türgenleşikleriň 09:00—11:00 aralygynda hem-de 17:00—19:00 aralygynda guralmagy ýaşlaryň özleri üçin amatly wagty saýlamagyna şert döredýär.
Toparlar tölegli bolup, olara ýazylan çagalaryň her biri türgenleşik wagtynda badminton raketkasy hem-de walony, ýagny «ýelekli topjagazy» bilen üpjün edilýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Badminton federasiýasynyň ýolbaşçylar düzüminiň täzelenmegi bilen, 2024-nji ýyldan bäri Watanymyzda sportuň bu görnüşi boýunça ýokary derejedäki şertler bilen üpjün edilen türgenleşikler ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi sportuň şu görnüşinden milli mekdebimiziň geljeginiň uludygyny tassyklaýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Badminton federasiýasy Welotrek sport toplumyndaky badminton kortlarynyň her gün 11:00—17:00 aralygynda idsleg bildirilýän taraplara kärendesine berilýändigini habar berýär.
Çagalaryňyzy türgenleşiklere ýazdyrmak ýa-da badminton kortuny kärendesine almak üçin görkezilen telefon belgileri boýunça habarlaşyp bilersiňiz:
+99365881132
+99365884415
+99361722996
+99364034056
