Dubaýda «Ciel Dubai Marina» atly dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy. 16-njy noýabrda täze bina ilkinji myhmanlaryny kabul etdi. Bu barada BAE-niň «The National» neşiri habar berýär.
«Ciel Dubai Marina» binasynyň beýikligi 377 metre deňdir. Bu ugurda ozalky rekord 356 metr beýiklikdäki «Gevora Hotel» binasyna degişli bolup, ol hem Dubaýda ýerleşýär. Syýahatçylyk taýdan meşhur merkeze öwrülen bu şäherde «Ciel Dubai Marina» we «Gevora Hotel» binalaryndan başga-da, dünýäniň iň beýik 10 myhmanhanasynyň dördüsi — «JW Marriott Marquis Hotel», «Rose Rayhaan», «Burj Al Arab» we «Jumeirah Emirates Towers Hotel» ýerleşýär.
Ilki bada «Ciel Dubai Marina» myhmanhanasynyň 2024-nji ýylda açylmagy meýilleşdirilipdi, ýöne taslamanyň durmuşa geçirilişi birnäçe gezek yza süýşürildi. 82 gatly binanyň gurluşygy üçin takmynan 544 million dollara deň boldy we 5 ýyl dowam etdi. Myhmanhana «The First Group Hospitality» kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar, ol «IHG Hotels & Resorts» toruna degişli «Vignette Collection» brendiniň astynda işleýär.
Birleşen Arap Emirlikleri 150 metrden beýik binalaryň sany boýunça dünýäde ilkinji üçlüge girýär. Bu ýerde şeýle binalaryň azyndan 345-si bolup, şolaryň 269-sy Dubaýda ýerleşýär.

