BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy boş iş ornuny yglan edýär

MilliInfo

18 Sentýabr, 2025

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy goragçy wezipesi boýunça boş iş ornuny yglan etdi. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi bildirişinde habar berilýär.

Bu wezipe üçin 20 — 39 ýaş aralygyndaky dalaşgärler çagyrylýar. Iş Aşgabatda nobatlaýyn çalşyk tertibinde alnyp barylýar.

Dalaşgärden tälimçilik hünär derejesiniň we söweş sungatlary boýunça ussatlyk derejesiniň bolmagy talap edilýär. Mundan başga-da, dalaşgärleriň ýokary derejedäki gözegçilik we aragatnaşyk ukyplarynyň, fiziki taýýarlygynyň we çeýe iş tertibinde işlemek mümkinçiliginiň bolmagy möhümdir. Dalaşgärler iňlis dilini professional derejede bilmelidir, türkmen we rus dillerinde bolsa erkin gepleşmegi başarmalydyr.

Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler özleriniň giňişleýin rezýumesini (terjimehalyny), resmi suratyny we degişli sertifikatlaryny şu elektron salgylar boýunça ibermelidirler: recruitmentdip24@gmail.com we uaembassytm@gmail.com

Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 27-nji sentýabry.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo