BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi türkmen talyplary bilen okuw sapagyny geçdi

MilliInfo

Golaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine baryp gördi we şol ýerde sebitde hem dünýäde agzybirlik, raýdaşlyk ýörelgelerini berkitmekde BAE-niň tagallalary we orny hakynda okuw sapagyny geçdi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Okuw sapagyna uniwersitetiň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Ilçi bilen gatnaşyjylaryň arasynda geçen gürrüňdeşlikde agzybirlik hem raýdaşlyk ugurlary boýunça gyzyklanma döredýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem parahatçylyk ýaşaýyş medeniýetini ösdürmek, raýdaşlyk, birek-birege ynanyşmak ýaly gymmatlyklary pugtalandyrmakda BAE-niň tejribesinden peýdalanmagyň ähmiýeti barada söhbet açyldy.⠀

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo