Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Arap atlary jemgyýetiniň (EAHS) baş direktory Mohamed Ahmed Musleh Al Harbiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Myhmanlary «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmet Berdiýew garşylady. BAE-niň wekiliýetiniň Watanymyza sapary atçylyk pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde, ahalteke hem-de arap bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde öňdebaryjy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginde resmi gepleşikler geçirilensoň, wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Döwlet muzeýine baryp, ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Günüň esasy wakasy Aşgabat atçylyk-sport toplumyna edilen sapar boldy. Toplumda myhmanlara saýlama ahalteke bedewleri görkezildi. BAE-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen atçylyk mekdebiniň özboluşlydygyny belledi we strategik taýdan ähmiýetli bolan ugurda hünär tejribesini alyşmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Saparyň dowamynda wekiliýet sebitde ilkinji «akylly şäher» bolan Arkadag şäherine baryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Ylmy-önümçilik merkeziniň işi bilen tanşar. Maksatnamanyň aýratyn bölegi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Görogly adyndaky sirkde görkezjek çykyşyna tomaşa etmek bolar. Sapar 7-nji awgustda tamamlanar. Ol iki döwletiň atçylyk hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky uzak möhletli ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek üçin esas goýar.
