BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi agzaçar sadakasyny berdi

MilliInfo

3 sagat öň

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi, Onuň Alyhezreti Ahmed Al-Hameli mübärek Remezan aýy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.

Agzaçar naharyna Türkmenistanyň Müftisi Ýalkap Hojagulyýew hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we ýurdumyzyň resmi döwlet işgärleri gatnaşdylar.

Remezan – sogabyň we sahawatyň aýy. Şeýle ýagşy günlerde ýurdumyzda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi, Onuň Alyhezreti Ahmed Al-Hameli tarapyndan agzaçar naharynyň berilmegi mübärek aýa ýalkym-ýaraşyk çaýyp, dostlukly halklary birek-birege has-da ysnyşdyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info