Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň bakjaçylary möwsümleýin hasyly ýygnamaga girişdiler

MilliInfo
Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň bakjaçylary möwsümleýin hasyly ýygnamaga girişdiler

Balkan welaýatynda şu ýylda 2 müň 620 gektar bakja meýdanyndan 52 müň 400 tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda asylly maksada abraýly hötde gelmek ugrunda çalyşýan welaýatyň hasyl ussatlary ekin meýdanlaryndaky gawundyr garpyz hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginlerde guramaçylykly dowam etdirýärler. Welaýatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek ýylynda gök-bakja ekinleriniň bol hasyly ýygnalýar. Bu ugurda welaýatyň Bereket, Gyzylarbat, Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynyň daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynyň tejribeli daýhanlary, mülkdarlary we ýer eýeleri nusgalyk işleri bitirýärler. Welaýatda ata-babalarymyzyň asyrlar aşyp gelýän daýhançylyk däplerine, bakjaçylyk ýörelgelerine, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna eýerilip, nusgalyk ösüşlere, guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Mundan başga-da, günbatar sebitde behişdi nygmatlary ösdürip ýetişdirmekde ýaş hem ussat daýhanlaryň uly toparynyň kemala gelendigini nygtap geçmek has-da ýakymlydyr.

Bu sebitiň Magtymguly etrabynyň bagbanlary nar, injir, hoz, Etrek etrabynyň bagbanlary zeýtun ýaly miweleri taýýarlamakda adygan bolsalar, Gyzylarbat, Bereket etraplarynyň daýhanlary-da bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmekde baý tejribeleri toplap, özleriniň hünär ussatlyklaryny subut edýärler. Aslynda-da, gürrüňi edilýän etraplarda, tutuş Balkan topragynda gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň ähli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip bilmeýän ýeke adam hem ýok diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Şeýle-de bakjaçylykda, esasanam, gawundyr garpyzyň, miweleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde, olardan ýokary hilli, bol hasyl almakda gazanylýan netijeler öwgä mynasypdyr.

Şu günlerde bolsa zähmetsöýer daýhanlaryň, mülkdarlaryň, ýer eýeleriniň Garagum derýasynyň boýundaky ekerançylyk meýdanlarynda alyp barýan netijeli işleri belent sepgitleriň gazanylýandygyna doly güwä geçýär. Diýarymyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, ak bazarlarymyzy gök-bakja we miwe önümleri bilen dolduryp, ilatymyza elýeterli bahalardan ýetirmekde-de welaýatyň bakjaçylary mynasyp işleri bitirýärler. Olar jennetiň nygmaty hasaplaýan gawunlaryň waharman, gyzyldepe, gülaby, garrygyz ýaly ençeme görnüşlerinden ýylyň-ýylyna bereketli hasyl alýarlar. Welaýatyň bakja ösdürip ýetişdirýän daýhanlarynyň hasyllaryna diňe welaýatyň çäginde däl, eýsem, paýtagtymyzda hem-de beýleki sebitleriň merkezlerinde çäksiz islegler bildirilýär. Hut şeýle bolansoň, ekologik taýdan arassa, bäsleşige ukyply bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň ussatlary bolan balkanly daýhanlar özleriniň ýetişdiren nygmatlaryny ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna dessine ugradyp, içerki sarp edijilere yzygiderli ýetirýärler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info