9-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Balkan welaýatynyň edermen daýhanlarynyň pagta öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna «ak altynyň» bol hasylyny tabşyrandyklary baradaky hoş habar beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň häkimi döredilýän ähli şertler, berilýän goldaw-hemaýatlar üçin welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ussat babadaýhanlarynyň Watan harmanyna pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny, oba hojalyk işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýdyp, bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda-da degişli görkezmeler berildi.
