Balkan welaýatynda her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerindäki çäreler resmi taýdan badalga aldy. Ýurduň gazananlaryny we döredijilik mümkinçiligini görkezmäge niýetlenen giň gerimli forumyň maksatnamasy Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen dabaraly çäre bilen açyldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» elektron gazetinde habar berildi.
Foruma gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň jemgyýetiň ruhy esaslaryny berkitmekde hem-de milli gymmatlyklarymyzy dünýäde wagyz etmekde tutýan aýratyn orny nygtaldy.
Açylyşyň resmi bölegini sungat ussatlarynyň we ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagyndaky uly baýramçylyk konserti dowam etdirdi. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň eýwanynda guralan sergi baýramçylyga aýratyn öwüşgin berdi. Bu ýerde seýrek duş gelýän muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, şeýle hem täze neşir edilen kitaplar we çap önümleri jemlendi.
Medeniýet hepdeliginiň birinji gününiň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezinde birnäçe ylmy-amaly we usulyýet çäreleriniň, şol sanda kitaphana we muzeý işiniň hünärmenleri üçin pudaklaýyn maslahatlaryň geçirilmegi, baýramçylyk sadakasynyň berilmegi hem-de Ahal welaýatynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň sungat ussatlarynyň konsertiniň guralmagy meýilleşdirildi.
