Bank kartyny öýde ýa-da işde oturan ýeriňizde resmileşdirmek isleýäňizmi: «e.gov.tm» size kömege ýetişer

MilliInfo

Ýurdumyzyň döwlet hyzmatlary portaly bolan «e.gov.tm» Türkmenistanyň raýatlaryna bank kartyny almak üçin elektron görnüşde arza tabşyrmak mümkinçiligini hödürleýär. Bu hyzmat portalyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminiň «Ykdysadyýet, bank we maliýe ulgamy» bölümçesinde elýeterli bolup, ol «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky bilen bilelikde amala aşyrylýar. Şeýle hyzmatyň ýola goýlandygy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Şunlukda, «e.gov.tm» platformasynyň üsti bilen bankyň müşderileri, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki raýatlary täze töleg kartyny almak ýa-da bar bolan kartynyň möhletini uzaltmak (täzeden çykarmak) üçin sargyt edip bilerler. Arzanyň sanly görnüşde tabşyrylmagy ulanyjylaryň wagtyny tygşytlaýar we bankyň şahamçasyna deslapdan barmak zerurlygyny aradan aýyrýar.

Portalda bu hyzmatdan peýdalanmak boýunça ädimme-ädim gollanma ýerleşdirilendir. Maslahat almak üçin «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň +993 (12) 44-03-04 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.

Bank kartlary üçin onlaýn arza bermek hyzmaty dürli döwlet hyzmatlaryny ýeke-täk sanly gurşawda birleşdirýän «e.gov.tm» portalynyň elektron hyzmatlarynyň sanawyna girýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info