«Atletiko» — «Barselona» 4-0 : Ispaniýanyň Kubogynyň ýarymfinalyndaky garaşylmadyk hasap

MilliInfo

4 sagat öň

Ispaniýanyň Kubogynyň ýarymfinalynyň ilkinji duşuşygynda Madridiň «Atletiko» topary öz meýdançasynda «Barselonany» kabul etdi. 13-nji fewrala geçilen gijede bolan oýun ýer eýeleriniň 4:0 hasabyndaky uly ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 7-nji minutynda Erik Garsiýanyň öz derwezesine geçiren pökgüsi hasaby açdy. 14-nji minutda hüjümçi Antuan Grizman «Atletikonyň» artykmaçlygyny berkitdi. Oýnuň 33-nji minutynda bolsa «Atletikonyň» hüjümçisi Ademola Lukman hasaby has-da artdyrdy. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynda Julian Alwares madridlileriň dördünji pökgüsini derwezeden geçirdi.

Ikinji ýarymyň başynda «Barselonanyň» goragçysy Pau Kubarsi gol geçirmegi başardy, emma VAR ulgamynyň ýedi minutlap dowam eden barlagyndan soňra, bu gol hasaba alynmady. Şeýle hem, öz derwezesine gol geçiren Erik Garsiýanyň 86-njy minutda gyzyl kart alyp, meýdançadan çykarylmagy katalonlylaryň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrdy.

Belläp geçsek, «Barselona» 1989-njy ýyldan bäri ilkinji gezek «Atletikodan» dört gol aratapawudy bilen utuldy. Jogap duşuşygy mart aýynyň 4-ine geçilýän gije bolar.

Ýarymfinalyň beýleki duşuşygynda bolsa «Real Sosýedad» myhmançylykda «Atletikden» 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info