9-njy aprele geçilýän gije Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň nobatdaky gyzykly duşuşyklary geçiriler.
«Barselona» — «Atletiko»
Ispaniýanyň ägirtleriniň soňky birnäçe günüň içinde ýene-de duşuşmagy nähili netije berer? Futbol janköýerlerini häzir hut şu sorag gyzyklandyrýar.
Mundan birnäçe gün ozal bu toparlar Ispaniýanyň çempionatynda gabatlaşdylar, şonda «Barselona» Madridde garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykypdy. Dogrusy, ýer eýeleri oýnuň esasy bölegini meýdançada on adam bolup oýnadylar, Robert Lewandowskiniň ýeňiş golunda bolsa tötänligiň hem uly paýy boldy. Häzirki wagtda «Barsa» La Liganyň ýaryş tertibinde ýakyn bäsdeşi «Realdan» ýedi utuk öňe saýlanyp, birinji basgançagy özünde saklaýar. «Atletiko» bolsa häzirlikçe dördünji orunda barýar. Şeýle-de bolsa, «Atletiko» şu möwsümde «Barsany» Ispaniýanyň Kubogyndan (4:0, 0:3) çykarmagy başarypdy.
Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Oýny «Varzish TV» teleýaýlymy we «Belet Sport» platformasy göni ýaýlymda görkezer.
«PSŽ» — «Liwerpul»
Geçen ýyl bu garşydaşlar ýaryşyň 1/8 finalynda duşuşypdylar we şonda umumy hasapda «PSŽ» ýeňiş gazanypdy. Toparlar myhmançylykda 1:0 hasabynda biri-birinden üstün çykypdylar, emma penaltiler tapgyrynda fransuz klubynyň futbolçylarynyň bagty çüwdi. Indi «Liwerpulda» ar almak üçin amatly mümkinçilik bar.
Muňa garamazdan, hünärmenler bu bäsleşikde «PSŽ-ni» esasy faworit hasaplaýarlar. Iňlis kluby häzirki wagtda Premýer-liganyň ýaryş tertibinde diňe bäşinji orunda barýar. Üstesine-de, olar geçen hepde Angliýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşdan hem çykdylar. «PSŽ» bolsa Fransiýanyň çempionatynda sanawyň başyny çekýär we toparyň ýeňişli ýoly eýýäm dört oýun bäri dowam edýär.
Bu oýun hem sagat 00:00-da başlanar. Duşuşygy «Belet Sport» arkaly göni ýaýlymda synlap bilersiňiz.