«Barselona» bilen rowaýata öwrülen Serhio Buskets karýerasyny tamamlaýar

MilliInfo

28 Sentýabr, 2025

Häzirki wagtda «Inter Maýami» klubynda çykyş edýän meşhur ýarymgoragçy Serhio Buskets üstümizdäki möwsümiň tamamlanmagy bilen futbolçy hökmünde karýerasyny dowam etmejekdigini aýtdy. 37 ýaşly futbolçy klub bilen 2025-nji ýylyň ahyryna çenli dowam edýän şertnamasyny uzaltmak islemeýär.

Serhio Buskets öz Instagram sahypasynda: «Professional futbolçylyk karýeramy tamamlamagyň wagty geldi diýip piker edýärin. Durmuşymyň kluby bolan «Barselona» sagbolsun aýdýaryn. «Barselonada» çagalyk arzuwlarymyň ählisi hasyl boldy. «Kamp Nowda» ýatdan çykmajak duýgulara, pursatlara şaýat boldum. Hemmelere minnetdarlyk bildirýärin, şeýle hem futbola sagbolsun aýdýaryn…» – diýen sözleri paýlaşdy.

Serhio Buskets 2008-nji ýylda «Barselonada» professional karýerasyna başlap, 15 möwsümde 700-den gowrak duşuşykda çykyş etdi we 32 kubok gazandy. 2023-nji ýylyň tomsunda bolsa ol «Inter Maýami» toparyna goşulyp, çykyşyny MLS-de dowam etdirdi.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynda 143 oýunda çykyş eden ýarymgoragçy 2 gol we 9 asist bilen tapawutlandy. Şeýle hem, ol dünýäniň hem-de Ýewropanyň çempiony boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info