Ispaniýanyň futbol çempionatynyň birinji tapgyrynda «Barselona» myhmançylykda «Malorkany» ynamly ýeňdi.
Eýýäm 7-nji minutda myhmanlar öňe çykdylar: Bu gol Lamin Ýamalyň geçiren topuna wagtynda ýetişen braziliýaly Rafinýanyň ýerine ýetiren dürs urgusyndan soň bellige alyndy.
23-nji minutda Ferran Torresiň goly katalonlylaryň ynamly tapawutlanmagyny üpjün etdi. Ikinji ýarymyň goşmaça wagtynda bolsa Ýamal duşuşykdaky üçünji goly geçirmek bilen, oýnuň gutarnykly netijesini kesgitledi — 3:0.
Bu oýun ýer eýeleri üçin düýbünden şowsuz geçdi: olar arakesmä çenli 9 oýunçy bolup galdylar. Emin 33-nji minutda Manuel Morlanesi, şondan az wagt soň — 39-njy minutda bolsa hüjümçi Wedat Murikini oýundan çykardy.