«Barselona» Lewandowskiniň ornuna Holandy almagy meýilleşdirýär

MilliInfo

4 Awgust, 2025

Hemmeler dowam edýän tomusky transfer möwsümi hakynda alada edýärka, «Barselona» geljek ýylyň tomsunyň aladasynda.

«Barselona» 2026-njy ýylyň tomsunda şertnamasy gutarýan Robert Lewandowskiniň ýerini tutjak täze hüjümçiniň gözleginde. Topar munuň üçin Erling Holand («Mançester Siti»), Julian Alwarez («Mançester Siti») we Alekander Isak («Nýukasl») ýaly hüjümçileri göz öňünde tutýar. Bularyň haýsy hem bolsa biri bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşmagy meýilleşdirýän «Barselonanyň» sport direktory Deku  tanymal futbolçylar Alwarez bilen Isagyň topara geçmek ähtimallygynyň uludygyny belleýär, klubuň prezident Žoan Laporta bolsa Erling Holandy klubda görmegi arzuw edýär.

Hansi Flikiň ýolbaşçylygyndaky «Barselona» Lewandowskiniň soňky möwsümini hem esasy hüjümçi hökmünde geçirjekdigini belleýär.

Ady agzalan hüjümçileriň ählisiniň transfer bahasynyň 90 million ýewrodan aşak bolmajagyna gözi ýetýän «Barselona» geljek tomsuň transfer möwsüminde maliýe ýagdaýyny strategiki satuwlar bilen çözmegi meýilleşdirýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo