Bu waka La Liganyň 32-nji tapgyrynyň çäginde «gök-gyrmyzy reňklileriň» «Hetafe» toparyny ýeňlişe sezewar eden (2:0) duşuşygynda bolup geçdi. Oýun 25-nji aprelde «Kolisium» stadionynda (Hetafe, Ispaniýa) geçirildi. Gollaryň awtorlary Fermin Lopes (45+1) we Markus Reşford (74) boldy.
Madridiň «Realy» 32-nji tapgyrdaky oýnuny 24-nji aprelde — anna güni geçirip, «Betis» bilen deňme-deň (1:1) oýnady.
Şeýlelikde, Ispaniýanyň çempionatynyň 33 oýnundan soňra «Barselona» 85 utuk toplap, ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Madridiň «Realy» bolsa ikinji orunda barýar. Toparyň hasabynda 74 utuk bar.