«Barselona» «Elçeni» ýeňip, La Ligadaky liderligini berkitdi. «Atletiko» autsaýderi ýeňip bilmedi

MilliInfo

3 sagat öň

31-nji ýanwardan 1-nji fewrala geçilýän gije Ispaniýanyň La Ligasynyň 22-nji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Bu tapgyrda «Elçe» öz meýdançasynda «Barselonany» kabul etdi. Duşuşyk 3:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 6-njy minutynda «Barselonanyň» hüjümçisi Lamin Ýamal hasaby açdy. Ýer eýeleriniň hüjümçisi Alwaro Rodrigesiň 29-njy minutdky goly bilen deňlik emele geldi. Emma 40-njy minutda Ferran Torres «katalonlylary» ýene-de öňe saýlady. Duşuşygyň 72-nji minutynda hüjümçi Markus Raşford «Elçeniň» üçünji pökgini derwezeden geçirip, oýnuň ahyrky hasabyny kesgitledi.

Ispaniýanyň çempionatynyň 22 oýnundan soňra 55 utuk toplan «Barselona» ýaryş tertibinde birinji orunda barýar. «Elçe» bolsa 24 utuk bilen 14-nji basgançakda ýerleşdi.

Nobatdaky tapgyrda bolsa «Barselona» 7-nji fewralda öz meýdançasynda «Malýorka» bilen duşuşar. Şol gün «Elçe» myhmançylykda «Real Sosýedad» bilen güýç synanyşar.

«Lewante» — «Atletiko»

22-nji tapgyrynyň çäginde «Lewante» öz meýdançasynda Madridiň «Atletikosyny» kabul etdi. Duşuşyk 0:0 hasabynda, deňlikde tamamlandy.

Ispaniýanyň çempionatynyň 22 duşuşygyndan soňra Madridiň «Atletikosy» 45 utuk toplap, La Ligada üçünji orny eýeleýär. «Lewante» bolsa 21 oýundan soň 18 utuk bilen sanawyň 19-njy basgançagynda ýerleşýär.

Indiki duşuşyklar:

  • «Atletiko»: 8-nji fewralda öz meýdançasynda «Real Betis» bilen duşuşar.

  • «Lewante»: Şol gün myhmançylykda Bilbaonyň «Atletigi» bilen oýnar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info