«Barselona» «Çelsiden» uly hasap bilen ýeňildi. Çempionlar ligasynyň beýleki netijeleri

MilliInfo

26 Noýabr, 2025

Angliýanyň «Çelsi» topary Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda Ispaniýanyň «Barselonasyny» uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşyk Angliýada geçdi we 3:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Birinji goly Žýul Kunde (27-nji minut) öz derwezesinden geçirdi. 44-nji minutda ispan toparynyň goragçysy Ronald Arauho ikinji sary kartyny aldy we futbol meýdanyndan çykaryldy.

Ikinji ýarymda iňlis kluby artykmaçlykdan ýerlikli peýdalanmagyň hötdesinden geldi. Estewan Willianyň (55) hem-de Liam Delapyň (73) gollary iňlis toparynyň uly hasap bilen üstün çykandygyny äşgär etdi.

Duşuşygyň barşynda emin üç gezek «Çelsiniň» goluny hasaba almady. Şolaryň ikisi oýundan daşardaky ýagdaý bolsa, ýene birinde Enso Fernandes elinde oýnady.

Şunlukda, «Çelsi» 10 utuk bilen ýaryş tertibiniň bäşinji basgançagyna çyksa, «Barselona» (7) 15-nji orna düşdi. Nobatdaky tapgyrda ispan topary Germaniýanyň «Aýntraht» klubuny kabul eder. Oýun 9-njy dekabrda geçiriler. Şol gün iňlis kluby Italiýanyň «Atalantasy» bilen duşuşar.

Oýun gününiň beýleki duşuşyklarynyň netijeleri:

«Galatasaraý» – «Ýunion» – 0:1;

«Aýaks» – «Benfika» – 0:2;

«Napoli» – «Karabah» – 2:0;

«Slawiýa» Praga – «Atletik» Bilbao – 0:0;

«Marsel» – «Nýukasl Ýunaýted» – 2:1;

«Budýo-Glimt» – «Ýuwentus» – 2:3;

«Mançester Siti» – «Baýer» – 0:2;

«Borussiýa» Dortmund – «Wilýarreal» – 4:0;

«Çelsi» – «Barselona» – 3:0.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo