Ispaniýanyň La Ligasynyň 20-nji tapgyrynyň duşuşygy geçirilip, onda «Real Sosýedad» we «Barselona» toparlary duşuşdy. Oýun San-Sebastýandaky (Ispaniýa) «Reale Arena» stadionynda geçdi. Duşuşyk 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy.
Ilkinji minutlardan topa has köp eýelik eden «Barselona» ganatlardan ýiti basyşlary amala aşyrdy. Bu ýagdaýdan sapak alan «Real Sosýedad» artykmaç töwekgelçilik etmedi. Ol gorandy we garşydaşynyň ýalňyşyna garaşdy. 31-nji minutda Kubo we Gedeş sag tarapdan hüjümi batlandyrdylar. Şondan soň Oýarsabal ýokardan geçirilen topa ýekeje gezek galtaşyp, derwezä gönükdirdi — 1:0.
70-nji minutda Lamin Ýamalyň ýokardan geçiren topuny Raşford kellesi bilen urup, hasaby deňledi. Emma şondan bary-ýogy bir minut geçensoň meýdanyň eýeleri ýene-de öňe saýlandylar. Hüjümiň dowamynda Soleriň geçiren topuna wagtynda ýetişen Gonsalu Gedeş ony boş galan derwezä dürs gönükdirdi.
Oýnuň ahyry örän çekeleşikli boldy. 89-njy minutda wideoýazgylara seredilensoň, Pedriniň garşysyna gödek oýnan Solere göni gyzyl kart berildi. Baş emin Hil Mansano oýna dokuz minut goşdy, ýöne hasap üýtgemedi.
Ispaniýanyň çempionatynyň 20 duşuşygyndan soň «Barselona» 49 utuk toplap, ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Esasy bäsdeşi bolan Madridiň «Realy» ondan bary-ýogy bir utuk yza galýar. «Real Sosýedad» bolsa 24 utuk bilen dokuzynjy orunda ýerleşdi.
Indiki tapgyrda — 25-nji ýanwarda «Barselona» öz meýdanynda «Owýedo» bilen duşuşar, «Real Sosedad» bolsa şol gün «Seltany» kabul eder.