«Barselona» Ispaniýanyň çempionatynyň «el-klasiko» oýnunda «Realy» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, möhletinden öň ýurduň çempiony boldy. Katalonlylar möwsümiň bütin dowamynda ýekeje gezek hem ikinji orundan aşak düşmediler.
Duşuşygyň 9-njy minutynda «Barselonanyň» hüjümçisi Markus Reşford hasaby açdy. 18-nji minutda bolsa Ferran Torres toparyny has-da öňe çykaryp, oýnuň gutarnykly hasabyny kesgitledi.
Katalonlylar üçin bu taryhdaky 29-njy altyn medal bolup, olar ýubileý sepgide golaýladylar. Emma bu görkeziji boýunça olar heniz hem 36 çempionlygy bolan «Realdan» ep-esli yza galýarlar.
Elbetde, garşydaşy toparyň yzyndan ýetmek aňsat bolmaz: statistikanyň görkezişi ýaly, La Ligada yzygiderli uzakmöhletleýin ýeňişli tapgyrlary dowam etdirmek örän kyn düşýär.