Şu ýylyň 21—23-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäherinde «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda aýdylýar.
Bu waka çagalaryň önümleri we hyzmatlary pudagynda möhüm waka bolup, işewürleriň bazar segmentiniň ösüşine goşant goşmagyna ajaýyp mümkinçilik döreder.
«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalaryň innowasion önümlerini we hyzmatlaryny hödürläp, bazary täze mümkinçilikler bilen baýlaşdyrmagynda möhüm platforma bolar. «Kids Ekspo» diňe kärhanalaryň ýerli bazardaky ornuny pugtalandyrmagynda möhüm meýdança bolman, eýsem, türkmen söwda markalarynyň dünýä çykmagyna döredilen açyk penjire hökmünde çykyş eder. Serginiň ekspozisiýasy dünýäniň dürli künjeklerinden halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we çagalar pudagynyň wekilleriniň ünsüni çekmäge gönükdiriler.