Paýtagtymyz Aşgabatda basketbol boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatlary geçirildi. Erkekleriň arasyndaky bäsleşikler 1—15-nji oktýabr aralygynda geçse, zenanlaryň duşuşyklary 15—19-njy oktýabrda ýaýbaňlandyryldy.
Duşuşyklar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zaynda guraldy. Erkekleriň ýaryşynda toparlaryň 8-si ýurdumyzyň çempionlygy ugrunda göreşdi. Şeýlelikde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» topary ýeňiji boldy. «Aşgabat» topary ikinji ýeri eýelese, «Milli goşun» sport kluby öňdäki üçlügi jemledi.
Zenanlaryň çempionatyna 6 topar gatnaşdy. Paýtagtymyzyň «Aşgabat – 1» topary ýeňiş gazansa, «Aşgabat – 2» topary ikinji orna eýe çykdy. Mary welaýatynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Çempion bolan topara Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň Kubogy, ýeňijilere bolsa degişli medallardyr Hormat hatlary gowşuryldy.
Indi bolsa basket boýunça ýaşlar ýygyndymyza möhüm synag garaşýar. 11—20-nji oktýabr aralygynda ýurdumyzda ykjam türgenleşik geçen topar ýaşlaryň III Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Bahreýne tarap ýola düşýär.






