Basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy dowam edýär: aýgytlaýjy duşuşyklar öňde

MilliInfo

3 sagat öň

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy

24-nji dekabrda basketbol boýunça erkekleriň arasyndaky Türkmenistanyň Kubogy başlandy. Häzir ýaryşyň toprçadaky tapgyry dowam edýär.

Gyzgalaňly geçýän ýaryşa 8 topar gatnaşýar. «Talyp sporty», «Aşgabat», «Daşoguz», «Maliýe» «Lebap, «Merkezi goşun sport kluby», «Galkan» we «Binagär» toparlary ýeňiş ugrunda basketbol meýdançasyna çykýarlar.

Kubogyň iň dartgynly duşuşyklary öňde. 28-nji dekabrda ýaryşyň jemleýji duşuşyklary guralar. Şol gün 11:00-da üçünji orun ugrundaky duşuşyk geçiriler. 13:00-da bolsa final duşuşyk guralar.

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy sportuň bu görnüşiniň muşdaklaryny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçjek jemleýji oýunlara janköýerlik etmäge çagyrýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info