«Lebap» topary basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň (U18) ýeňijisi boldy

MilliInfo

2 sagat öň

15-23-nji aprel aralygynda Aşgabatda 18 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirilýär. Duşuşyklar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynyň meýdançasynda geçirilýär.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşyň jemleri boýunça «Lebap» toparynyň oýunçylary ýeňiş gazandylar. Ýaryşlar aýlawly ulgam boýunça geçirildi. Ikinji orny «Aşgabat» klubynyň oýunçylary, üçünji orny bolsa «Balkan» topary eýeledi.

«Lebabyň» oýunçysy Şakir Sunnetow ýaryşyň iň gowy oýunçysy (MVP) boldy.

Gyzlar toparlarynyň arasyndaky ýaryş dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info