Dartgynlylyk hem tolgunmalar: «Bawariýa» — «Real» duşuşygyny haýsy ýaýlym göni efirde görkezer?

MilliInfo

2 sagat öň

Bu agşam UEFA Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň iň dartgynly duşuşygy janköýerlere garaşýar. Mýunheniň «Bawariýasy» Madridiň «Realy» bilen duşuşýar. Ispaniýanyň paýtagtynda geçen birinji oýunda Mýunheniň topary güýçli garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňipdi. Bu wakadan soň lapykeç bolan «Realyň» muşdaklary bu günki duşuşykdan diýseň kän zada tama edýärler. Oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanýar.

Mundan başga-da, Londonyň «Arsenaly» «Sportingi» kabul edýär. Bu toparlaryň arasyndaky birinji oýun hem angliýalylaryň peýdasyna tamamlandy — 1:0. Bu duşuşygyň hem başlanýan wagty — 00:00.

Bu duşuşyklara haýsy teleýaýlymlarda göni efirde tomaşa edip bolar? «Varzish» teleýaýlymy «titanlaryň oýnuny» — «Bawariýa» bilen «Real Madridiň» duşuşygyny göni efirde görkezer. Şeýle-de «Türkmenistan Sport» teleýaýlymynyň bu oýunlaryň birini görkezmegine garaşylýar. Mundan başga-da, bu duşuşyklara «Belet» platformasynda tomaşa edip bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info