Bedewler ula gidende: Paýtagtymyzda ýazky at çapyşygynyň bobatdaly ýaryşlary geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

Düýn paý­tag­ty­my­zyň we Bal­kan, Da­şo­guz, Le­bap hem-de Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň at­çy­lyk sport toplum­la­ryn­da ýaz­ky at ça­py­şy­gy­nyň no­bat­da­ky ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­di. Olarda be­dew­ler öz ýyn­dam­ly­gy­ny gör­ke­zip, jan­kö­ýer­le­riň be­re­kel­la­sy­na my­na­syp bol­du­lar.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan ýaryşlar 7 çapyşykdan ybarat boldy. 1 müň 200 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Mährijemal diýen dor at geldi. Ol bellenilen aralygy 1 minut 21,5 sekuntda geçmegi başardy. Ikinji çapyşykda S.Seýitliýewiň hojalygyna degişli Şagyzy diýen ata taý tapylmady. Dor bedew 1 müň 200 metr aralygy 1 minut 21,2 sekuntda geçdi. Şol aralyga geçirilen üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sonagyz diýen al aty pellehanadan birinji geçmegi başardy. Ol bellenen aralyga 1 minut 20 sekunt wagt görkezdi. Dördünji çapyşykda bedewler 1 müň 400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Netijede, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Aýnagyz diýen dor aty pellehana birinji bolup geldi. Ol bellenilen aralygy 1 minut 34,5 sekuntda geçdi.

Nobatdaky çapyşyklarda bedewler 1 müň 800 metr aralykda bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen bäşinji çapyşykda degişli aralygy 2 minut 07,3 sekuntda geçen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Garlyk diýen dor aty ýe­ňiji boldy. Altynjy çapyşykda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Kiçidor diýen gara dor aty pellehana birinji geldi. Ol bellenilen aralygy 2 minut 08,1 sekuntda geçmegi başardy. Ýedinji çapyşykda Begenjim diýen mele at öňdeligi eýeledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň bu bedewiniň bellenilen aralygy geçmek üçin sarp eden wagty 2 minut 06,4 sekunda deň boldy. At çapyşyklarynda pellehana ilkinji bolup gelen ýüwrük bedewlere serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna sowgatlar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen at çapyşyklary hem örän gyzgalaň­ly häsiýete eýe boldy. 5 çapyşykda guralan bäsleşiklerde bedewler öz ýyndamlyklaryny görkezip, janköýerlerini begendirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info