23 ýyllyk ylgaw: aşgabatly žurnalist hemmeleri sagdyn durmuş ýörelgesine ruhlandyrýar

MilliInfo
23 ýyllyk ylgaw: aşgabatly žurnalist hemmeleri sagdyn durmuş ýörelgesine ruhlandyrýar

67 ýaşly habarçy Nurmämmet Kakabaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli simwoliki 35 kilometr aralygy ylgap geçmegi meýilleşdirýär. Paýtagtymyzyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähi bu sport üstünliginiň amala aşyryljak meýdançasy bolar.

Bu ylgaw eýýäm 23 ýyldan bäri ylgaw bilen meşgullanýan tejribeli ýaşuly üçin nobatdaky şahsy rekord bolar. Ol her gününiň ertirini Aşgabadyň suw akabasynyň boýundaky ýaşyl zolaklarda uzak aralyklary ylgap geçmek bilen başlaýar.

Nurmämmet aga şäher derejesindäki sport çärelerine hem yzygiderli gatnaşýar. Şu ýylyň aprel aýynda ol Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň DIM-niň hem-de «Run Rush» ylgaw jemgyýetiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Dostluk ganatlary» atly halkara ylgaw ýaryşynda 10 kilometr aralygy ýeňillik bilen geçdi.

Žurnalistiň aýtmagyna görä, ylgaw akyl zähmetini fiziki zähmet bilen çalşyrmagyň we bedeniniň mümkinçiliklerini barlamagyň iň gowy usulydyr. Ýigrimi ýyldan gowrak wagtlap yzygiderli türgenleşmek oňa dermanlardan doly ýüz öwürmäge mümkinçilik berdi, lukmanlar bolsa 67 ýaşly ýüwrügiň ýüreginiň bökdençsiz işleýändigini yzygiderli belleýärler.

Nurmämmet Kakabaýewiň bu hekaýasy umumy meýili şöhlelendirýär: döwlet goldawy we elýeterli düzümler netijesinde ýurdumyzyň ajaýyp seýilgähleri we seýilbaglary her gün sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolan ýüzlerçe adamy özüne çekýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info