Bereket we Gyzylarbat etraplarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri geçiriler

MilliInfo

14 Oktýabr, 2025

Bereket we Gyzylarbat etraplarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri geçiriler

 Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Bereket etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 15-nji oktýabrda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäre Bereket etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynyň jaýynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.

Habarlaşmak üçin:

+993247 31382.

Şeýle çäre Gyzylarbat etrabynda hem guralar. 15-nji oktýabrda geçiriljek ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Gyzylarbat etrabynyň E.Kulyýewa köçesiniň 8-nji b jaýynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli ýaýbaňlandyrylar.

Habarlaşmak üçin:

+993246 53772;

+993246 54430.

Şunuň bilen baglylykda, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň wekilleriniň boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä gatnaşmaklary soralýar.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlarymyz bolsa bu çärelere şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info