Merkezi Aziýanyň ähmiýetli startap-ideýalaryna gatnaşyp, innowasiýalardan energiýa almak isleýäňizmi? Üstümizdäki hepde Merkezi Aziýa üçin möhüm çäreleriň birnäçesi ýaýbaňlandyrylar. Almatyda geçiriljek «Fintech Summit» forumyndan Aşgabatdaky «Best Startup Project» sebit taslamasynyň ýarym finalyna çenli ähmiýetli halkara çäreleriň birnäçesi geçiriler.
Türkmen paýtagtyndaky «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde ýaýbaňlandyryljak çäre üçin bellige alyş 13-nji noýabrda 18:00-a çenli dowam eder.
Ähmiýetli taslama 15-nji noýabrda 14:00-da başlanar. Bu ýerde sebit çäresiniň Daşkentde geçiriljek finaly üçin iň gowy taslamalaryň ikisi seçilip alnar. Şeýle-de şol gün gatnaşyjylara ajaýyp startap hem-de gyzykly panel ara alyp maslahatlaşmalary garaşýar.
